YKDYSADYÝET

Hususy telekeçi ýertudanasyny ýetişdirýär

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda hususyýetçi Ruslan Abdullaýewiň  ýetişdirýän datly ýertudanasy diňe bir welaýatda däl, eýsem, paýtagtymyzda hem uly islegden peýdalanýar, diýip «Rysgal» gazeti ýazýar.

Telekeçi 1,5 gektar meýdany eýeleýän döwrebap ýyladyşhana gurup, pomidoryň bol hasylyny ýetişdirip başlady, işewür şeýle hem ýyladyşhananyň 0,3 gektarynda ýertudana ýetişdirmeklige girişdi.

Onuň ýyladyşhanasynda bu ir-iýmişiň «Festiwal» we «Sabrina» görnüşleri ýetişdirilýär, olaryň hasyly ululygy hem-de datly tagamy bilen özüne çekýär. Iň döwrebap derejede enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada pomidordyr ýertudanany ýetişdirmek boýunça baý tejribe toplanyldy, bu ýerde howa çalşygy, suwaryş ulgamy we dökün bermek awtomatik usuldadyr. Ekinler ýörite arylaryň kömegi bilen tozanlandyrylýar.

Ýertudanalary «Ýaşyl öý» haryt nyşanly dürli görnüşli owadan gaplara ýerleşdirilip, söwda nokatlaryna ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: