YLYM WE TEHNIKA

Täze «iPhone» sekiz gigabaýt operatiw ýat bilen üpjün ediler

2022-nji ýylyň güýzünde çykarylyp başlanjak «Apple»-niň täze nesliniň öňdebaryjy samrtfony sekiz gigabaýt opertaiw ýady bilen üpjün ediler. Gürrüň «Pro» wersiýasy barada barýar, diýip, «Российская газета» ýazýar.

«iPhone 13 Pro»-nyň aktual modeliniň, şonuň ýaly-da «iPhone 13 Pro Pro Max»-niň alty operatiw ýady bar.

Şonuň ýaly-da, insaýderler «iPhone 14»-iň beýleki täze modelleri baradaky maglumatlar bilen hem paýlaşdylar. «iPhone 14» we «iPhone 14 Max» alty gigabaýt operatiw ýat we täzeleniş ýygylygy 120 gerse barabar bola «LTPO» ekranyny alarlar.

«Pro» görnüşi barada aýdanymyzda bolsa, 48 megapikselli esasy kamerasy onuň esasy aýratynlygy bolar.

Ekranyň ýokarky bölegindäki «maňlaý saçynyň» iki bölege — tegelek we süýnmek şekillere bölünmegi hem mümkin. Olara selfi kamera we «Face ID» datçigi gizleniler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: