YKDYSADYÝETYLYM WE TEHNIKA

Kiçi gala eksporty artdyrýar

Öz işini Lebap welaýatynda alyp barýan «Kiçi gala» hojalyk jemgyýeti özüniň eksport mümkinçilikleriniň çägini barha giňelýär. Hem önüm öndürmek, hem-de ýurdumyzda öndürilen önümleri Internet arkaly bütin dünýäniň alyjylaryna hödürlemek we satmak bilen meşgullanýan bu hojalyk jemgyýeti eksportda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanylýar.
Geçen ýyl polipropilen we polietilen haltalary Gazagystan, Russiýa, Ukraina, Özbegistan ýaly döwletlere eksport eden hojalyk jemgyýetinde şu ýyldaky eksport önümleriniň mukdary hem guwandyryjy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, Özbegistan we Gazagystan şu ýyl «Kiçi galanyň» hödürleýän önümleriniň esasy hyrydarlary boldular.
Has takygy, bu hojalyk jemgyýeti şu ýylda özbegistanly hyzmatdaşlara dokalmadyk matanyň 11 tonnasyny eksport etdi. Şeýle hem goňşy döwletiň önüm öndürijilerine plastmas dükjeleriň 831 müň 120 sanysy satyldy. Gazagystanly işewürler bolsa şu ýyl «Kiçi galadan» 3 milliondan gowrak gaplanylýan halta satyn aldylar.
Öz önümlerini we ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän beýleki önümleri «www.kichigala.com» salgyly resmi internet saýtynda mahabatlandyrýan, alyjylara hödürleýän hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleriniň arasynda «Rowaç» hem-de «Diýar» diýlip atlandyrylýan ruçkalardyr ýokary hilli bedreleriň hem bardygyny ýatladýarys.
Ýeri gelende aýtsak, 2015-nji ýyldan bäri işläp gelýän hojalyk jemgyýetini resmi saýtynda 15-den gowrak görnüşi bar. Hödürlenilýän önümleriň arasynda plastmas ýaşikler, polistirol, polipropilen, plastik gaplaryň gapaklary, dürli gurluşyk serişdeleri, ýüplükler we beýleki önümler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply