JEMGYÝET

Ilata berilýän tebigy gazyň möçberi artýar

Üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýatynda tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 2 müňe golaý köpeldi.
Gaz geçirijileri, esasan, täze gurlan jaýlara, täze peýda ilatly ýerlere çekildi. Netijede welaýat boýunça tebigy gaz çekilen hojalyklaryň sany 209 müňe golaýlady.
Ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu hususy hojalyklary tebigy gaz bilen üpjün etmegi içine alýar. Ilata «mawy ýangyç» arzan bahadan berilýär. Häzire çenli gurlan dürli basyşly gaz geçirijileriniň umumy uzynlygy 8,4 müň kilometrden geçýär. Gaz paýlaýjy beketleriň 450-den gowragynyň, gaz sazlaýjylaryň 3,8 müňüsüniň sazlaşykly we ygtybarly işlemeginiň netijesinde welaýatyň iň çetki ilatly ýerlerine hem tebigy gaz bökdençsiz berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply