BILIM

Çärjewdäki çagalar bagy iňlis diline ýöriteleşdirildi

Welaýatyň beýleki çagalar terbiýeçilik edaralarynyň birnäçesi bilen birlikde Çärjew etrabyndaky 24-nji çagalar bagyna hem daşary ýurt dillerine ýöritleşdirilen derejesi berildi

Bu çözgüt «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýar. Ol ýurduň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýe berlişiniň hilini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Bu çagalar bakja-bagynda daşary ýurt dilleri öň hem öwredilýärdi. Şu okuw ýylyndan başlap bu iş has çuňlaşdyrylan görnüşe eýe boldy. Ýagny, iňlis dili sapagy öň uly toparlarda hepdede iki sagatdan bäş sagada, orta toparlarda üç sagada, rus dili sapagy hem öň hepdede iki sagat bolanlygyndan indi bäş sagada ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: