«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň usulyýet esasydyr» atly bäsleşigi guramaga gatnaşdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde guralan bäsleşik iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymçylyk tejribeligini geçýän talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça üç ýokary okuw mekdebinden 12 talyp birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldy. Şolaryň deň ýaryndan hem gowragynyň ― 7-siniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Has takygy, bäsleşikde Türkmenabat şäherinde ýerleşýän baýry ýokary okuw mekdebiniň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Toýmyrat Jepbarow bilen Bahar Kakaýewa birinji, Çynara Azyzowa, Jemşit Mirzaýew we Jumagül Baýramowa ikinji, Jennet Jumanyýazowa bilen Nartäç Şaberdiýewa bolsa üçünji orny eýelediler.
Bäsleşige 35-den gowrak talybyň gatnaşandygyny aýtmak gerek. Olar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, mekdep okuwçylaryna iňlis dilini kämil derejede öwretmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler.
