BIZE YAZYARLAR

Welaýat çagalar sungat mekdebinde Nury Halmämmedowyň eserleriniň konserti guraldy

Welaýat çagalar sungat mekdebinde bu bilim ojagynyň okuwçylarynyň we uçurymlarynyň gatnaşmagynda kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabara mekdebiň milli we halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň 1-nji simfoniýasynyň dördünji bölüminden «Dutar» atly saz bilen başlandy. Topara Gülara Saparowa ýolbaşçylyk edýär. Soňra mekdebiň uçurymy Enejan Nuryýewa Marina Gorbunowanyň sazandarlyk etmeginde «Tilden uýalar» atly aýdym bilen konserti dowam etdirdi.

Aman Jumakulyýewiň ýolbaşçylygyndaky kiçi hor toparynyň ýerine ýetiren «Türkmen sährasy» atly aýdym hem gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Konsert mekdebiň okuwçysy Nazar Reýimowyň ýerine ýetiren «Pursatlar» atly sazy bilen dowam etdi. Dilafruz Umbarowanyň ýolbaşçylygyndaky çeňçiler we kanunçylar toparynyň ýerine ýetiren «Haýrana galar» atly sazy hem diýseň täsirli boldy.

Ussat kompozitoryň döredijiliginden iň naýbaşy eserleri öz içine alan konsertde mekdebiň 7-nji synp okuwyçysy Mähri Zakirjanowa «Hirosima we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary» atly ýygyndysyndan 4-nji aýdymyň ýaňlanan pursatlary hemmeleri tolgundyryjy duýgular gurşap aldy. Maral Hemraýewanyň ýolbaşçylygyndaky fleýtaçylar toparynyň ýerine ýetiren «Uçuň, durnalar!» atly sazy bolsa hemmeleriň hyýalyny asman belentligine göterdi.

Şeýle hem konsertde okuwçylar we uçurymlar tarapyndan ussadyň «Sonata», «Prelýudiýa», «Üç desse» toplumyndan «Geler» romansy, «Dutaryň owazy», «Nar agajy», «Üç agaç», «Derýanyň kenarynda» ýaly eserleri ýaňlandy.

Aýna Amandurdyýewa,

welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: