TÜRKMENISTAN HABARLARY

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde geçen ýyl meýilnamadan artyk önüm öndürildi

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde geçen ýyl göz öňünde tutulanyndan 5 million 530 müň manatlykdan gowrak önüm köp öndürildi.
2020-nji ýylda fabrik boýunça 36 million 426 müň manatlyk ýüplük öndürmek meýilleşdirilipdi. Hakykatda bolsa bu görkeziji 41 million 958 müň manada barabar boldy.
Öndürilen önümleriň 16 million manatlyga golaýy daşary ýurtlara eksport edildi. Olar Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlara iberildi.
Kärhanada nah ýüplükleriň NM-34/1, NM-27/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-14/1 ýaly görnüşleri öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply