TÜRKMENISTAN HABARLARY

2021-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşjak daşary ýurtly türgenlere koronawirusa garşy mugt sanjym ediler

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginde şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşýan wagty aýtdy. Bu hakynda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan bu gün» saýtynda habar berilýär.
2021-nji ýylda hem ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hasabatyny diňledi.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Aýdaly, «Sputnik V» sanjymyny ulanmaga doly haklydyrys. Sebäbi biz bu sanjymy bellige aldyk. Prezident geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny belledi we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler paýtagtymyza geler.
Bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagy mümkin. Şoňa görä-de daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Biz bu sanjymlaryň ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň baglylykda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply