JEMGYÝET

Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň Zerger şahamçasynda gurluşyk-gurnama we durkuny täzeleýiş işleri alnyp barylýar

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň Zerger şahamçasynda giň gerimli gurluşyk-gurnama we durkuny täzeleýiş işlerini alyp barýarlar. Bu barada «oilgas.gov.tm» saýtynda habar berilýär.

Olar şu döwre çenli umumy sygymy 10 müň kubmetre barabar bolan dik çanlaryň 6-synyň gurluşyk işleri tamamladylar. Bulardan başga-da, awtoulaglara niýetlenilen garažyň, ýangyna garşy göreş bölüminiň, ammaryň binalary gurulýar. Ýakyn geljekde hersiniň sygymy 100 kubmetre barabar bolan dik çanlaryň ýene-de 8-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Bu gurluşyk guramasynyň işgärleri Köýtendag nebit önümleri kärhanasynda hem durkuny täzelemek we giňeltmek işlerine girişdiler, Kerki etrabynyň çäginde bolsa awtoulaglara ýangyç guýýan bekedi gurýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: