YKDYSADYÝET

Buýan önümleri eksporta iberilýär

 S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» agrosenagat toplumynda her ýyl müňlerçe tonna arassalanan buýan köki ýygnalýar we ondan gury hem-de goýy ekstrakt öndürilýär. Dermanlyk ösümligiň kökünden dermanlyk çaý, goýy erginleri, balzam, kapsulalar we ýaglar öndürilýär. Buýan we onuň gaýtadan işlenen komponentleri 350 dermanyň düzümine girýär.

Ondan alynýan önümler Hytaýa, Russiýa, Amerika, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Hindistana we Serbiýa eksporta iberilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: