2020-nji ýylyň iki aýynda Lebap welaýatynyň telekeçileri tarapyndan üç sany desga gurlup, ulanylmaga tabşyryldy.

Olar Saýat etrabyndaky ýyladayşhana, Türkmenabat şäherindäki sowadyjy ammar we Çärjew etrabyndaky keramiki kerpiç öndürýän zawoddyr. Netijede 50 sany täze iş orny döredi.

Türkmenistanda hususy sektoryň ykdysadyýetde tutýan orny barha berkeýär. Mundan 10 ýyl gowrak ozal nebit-gaz pudagyny hasaba almazdan olaryň içerki önüm öndürmekdäki paýynyň 2%-e barabar bolanyndan, häzir 65%-den geçdi. Munda Lebap welaýatynyň telekeçileriniň hem orny uludyr. Şu ýylyň iki aýynda  olar tarapyndan 32 million 582 müň manatdan gowrak gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Şu döwürde 4 million 584 müň manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirildi. Öndürilen senagat we gurluşyk önümleriniň bahasy bolsa 4 million 400 müň manatdan geçdi. Söwda we hyzmat ulgamlarynda bu görkeziji 95 million 296,5 müň manatdan geçdi.

Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirýärler. Olaryň eksporta iberýän önümleriniň sanawy hem artýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: