JEMGYÝET

Halaçda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halac etrap Geňeşiniň guramagynda «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly  tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çärä ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurduň ykdysadyýetinde  we medeni-durmuş ulgamynda soňly ýyllarda ýetilen sepgitler barada gürrüň edildi. Şonda etrabyň çäginde amala aşyrylan özgertmeler baradaky gürrüňlere aýratyn orun berildi. Şonuň ýaly-da, ýaşlaryň okamaklary, hünär edinmekleri we işlemekleri üçin döredilýän mümkinçilikleriň üstünde hem durup geçdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: