Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde meýilleşdirileninden 11 million 286 müň manatlyk köp önüm öndürildi

 Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri 39 million 805 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi.  Bu meýilleşdirileninden 11 million 286 müň manatlyk köp önüm öndürilendigini aňladýar.

Has takygy, geçen döwürde 28 million 519 müň manatlyk önüm öndürmek meýilleşdirilipdi. Netijede geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 120 göterime golaýlady.

 Öndürilen önümleriň aglaba bölegi Russiýa, Eýrana, Gyrgyzystana eksporta iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector