DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Aurus Senat ulagy müşderilere maýda satylyp başlanar

Russiýanyň «Aurus» premial kysymly maşynyň «Senat» görnüşini 2021-nji ýylyň maýyndan tapgyrlaýyn goýberip başlarlar. Bu barada «Известия» ýazýar.
Fewralda «Aurus Senat» ulagynyň 22% gymmatlandygy mälim boldy, netijede onuň bahasy 22 million rubla barabar bolar. Şol bir wagtyň özünde onuň soňky bahasy müşderiniň isleglerinden ugur alnyp bellenilýär.
«Aurus Senat» ulagynyň uzynlygy 5,6 metre, tigirleriniň aralygy 3,3 metre barabar. Maşynyň gibrid (garyşyk) hereketlendirijisi bar. Ol 598 at güýjüne barabar benzinde işleýän we 40 güýçli elektrik hereketlendirijilerden ybarat. Maşynyň dokuz basgançakly awtomatiki transmissiýasy «KATE» rus firmasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Sagatda 100 kilometr tizlige çenli maşyn 6 sekunda bat alyp bilýär, aňryçäk tizligi bolsa sagatda 250 kilometr bilen çäklendirilendir.
«Kortež» rus taslamasynyň (bazar ady «Aurus») çäklerinde taýýarlanylýan lýuks klasly awtomobiller 2014-nji ýylda çykarylyp başlandy. Öndüriji ýeke-täk platformanyň esasynda maşynlaryň sedan, limuzin, kabriolet, miniwen we ýolsuz ýerleden ýöreýän görnüşlerini çykarmakçy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply