JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edilýär

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem 2020-2021-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary kabul edilip başlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, okuwa kabul etmek 6-njy iýuldan 15-nji awgust aralygynda geçiriler. Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary 6-njy iýuldan 19-njy iýul aralygynda kabul ediler. 22-nji iýuldan başlap, giriş synaglary geçiriler. Ýokary okuw jaýlaryna girýän dalaşgärlere amatlyklary döretmek maksady bilen her ýyl olaryň iş kagyzlaryny welaýat merkezlerinde kabul edýärler. Giriş synaglary bolsa okuw jaýynyň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Lebap welaýatynda iş kagyzlary şu aşakdaky okuw jaýlarynda kabul edilýär:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti: Türkmenabat şäherindäki 32-nji orta mekdepde, «Himik» etrapçasy. Telefony: 9-77-60.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty: Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde, S.A. Nyýazow şaýoluny 129-njy jaýy. Telefony: 6-07-80.
Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty: Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde, Gagarin etrapçasy. Telefony:3-79-32.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty: Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde, 3-nji kiçi etrapça. Telefony: 4-38-91.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty; Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdepde, S.A. Nyýazow şaýoluny 130-njy jaýy. Telefony: 6-17-82.
Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti: Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde, «Bahar» etrapçasy. Telefony: 2-01-84; 2-27-62.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti: Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdepde, 3-nji kwartal. Telefony: 2-40-51.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty: Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesiniň 1-nji «a» jaýy. Telefony: 9-89-56.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy we Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy resmi iş kagyzlary öz binalarynda kabul edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: