JEMGYÝET

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa Instituty bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa Instituty bilen bilelikde 10-njy dekabrda belleniljek Halkara adam hukuklary gününe bagyşlap, bäsleşik yglan edýär, diýip «turkmenportal.com» habar berýär.

Bu bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugyny öwrenýän talyplary çagyrylýar.

Işi tabşyrmagyň soňky möhleti — 2021-nji ýylyň 7-nji dekabry.

Bäsleşik barada giňişleýin maglumaty www.tm.undp.org sahypasynyň BLOG bölüminde tapyp bilersiňiz.

Bäsleşigiň esasy mowzuklary: adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň orny; adam hukuklaryny goramagyň halkara we milli gurallary; adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy; adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegi.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini Times New Roman 14 şriftinde, türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde hödürlemeli. Hasabat 5 sahypadan köp bolmaly däl (çyzyk aralygy — 1.5) we ol ýazylanda, hiç bir çeşmelerden göçürilmeli däl.

Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň binasynda dabaraly ýagdaýda yglan ediler, ýeňijilere şahadatnamalar we baýraklar gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: