2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan Türkmenistandan 35,6 müň tonna sement import etdi, diýip «orient.tm» habar berýär.
10 aýyň dowamynda Özbegistan daşary ýurtlardan bu gurluşyk materialynyň 2,4 million tonnasyny getirdi.
Özbegistan Respublikasynyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, Özbegistana iberilýän sementiň möçberi boýunça Türkmenistan bäşinji, benzin ibermek boýunça ikinji orunda durýar.