BIZE YAZYARLAR

Biz bagtyýar ýaşlar

Baky berkarar Watanymyz häzirki eşretli döwrümizde hemmetaraplaýyn düýpli özgerýän we dünýäniň ösüşine oňyn täsir edýän ýurt hökmünde tanalýar.  Şeýle asuda, abadan ýurduň bagtyýar geljeginiň ýaş nesle baglydygyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik  durmuşynyň  ähli ugurlaryny çalt depginler bilen ösdürmek, ýokary bilimli, döredijilikli, häzirkizaman ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryndan baş çykarýan  ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, bilim  ulgamyna täze tehnologiýalar, ylmyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Şäherdir obalarda häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynyň, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy, täze ýokary okuw mekdepleriniň, täze hünärleriň açylmagy, dünýäniň ösen ýurtlary, şeýle-de halkara guramalar bilen bilim, sport ulgamlarynda ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda  täze okuw ýyly mynasybetli ençeme bilim ojaklarynyň açylyp, ýaşlaryň hyzmatyna bermek Arkadagly döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Geçen ýylda hem hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Lebap welaýatynda hem täze mekdepleriň açylyp, ulanylmaga berilmegi  bilen, ýaşlaryň onlarçasy täze okuw ýylyny ähli amatlylyklar bilen üpjün edilen, täze mekdepde garşyladylar. Şeýle şatlykly wakalaryň şaýatlary bolýandyklary üçin okuwçy ýaşlaryň, olaryň ata-eneleriniň, şeýle-de tutuş oba ilatynyň hormatly Prezidentimize buýsançlarynyň çägi ýok. Ata Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary barada edilýän şeýle aladalar bolsa ýaşlarymyzyň  ile-güne, Watana gerekli adamlar bolup ýetişmeklerimize uly itergi berýär.

Watan diňe halky bilen Watandyr! Mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşykly özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza welaýatymyzyň ähli ýaşlarynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Biz Siziň ýol-ýörelgäňize eýermek bilen uly buýsanç, ruhubelentlik bilen okarys mähriban Arkadagly Serdarymyz!

 Gülöwser Sultanowa,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: