MEDENIÝET

Aşgabatda lebaply nakgaşlaryň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň çeper sergiler müdirliginiň Direksiýasynyň sergiler merkezinde meşhur türkmen nakgaşlary Rahman we Dilber Umarowalaryň sergisi asyldy.

«Sazlaşyk» diýlip atlandyrylan sergide Rahman Umarowyň «Ak altyn», «Narly gelin», «Güýz duýgulary», «Nar güli», «Agşamara» we beýleki nakgaşçylyk eserleri goýuldy. Dilber Umarowa bolsa özüniň palçykdan ýasan «Arzuw», «Mukaddeslik», «Gürrüň», «Bazardan», «Gelinler» we beýleki eserlerini görkezýär.

Sungat işgärleri, nakgaşlar, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we paýtagtyň ýaşaýjylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: