Ulugbegiň paýhasy
Taryha ser salanymyzda ylymyň ösmegine goşant goşan alymlaryň az däldigine buýsanýarys. Şolaryň biri Ulugbek ylym bilen ýaşlykdan meşgul bolýar. Onuň ylmy pikirleriniň artmagyna kakasy Şahruhyň baý hususy kitaphanasynyň bolmagy täsir edýär. Ol özüniň ähli wagtyny diýen ýaly şol ýerde geçirýär. Ulugbek şygryýeti gowy görüpdir, taryh bilen meşgullanypdyr. Emma, onuň esasy ünsüni astronomiýa ylmy özüne çekipdir. Ulugbek hökümdarlyk edýän döwründe, şol wagtlarda meşhur bolan alymlary gulluga çagyrýar. Olaryň kömegi bilen Samarkantda tanymal obserwatoriýany gurdurýar. Bu obserwatoriýanyň täze enjamlary we geçirilen işleriň netijeliligi boýunça Ulugbekiň döwründe we ondan birnäçe asyrlar soňky wagtlara çenli deňi-taýy bolmandyr.
Ulugbek ýaşlykdan astronomiýa bilen gyzyklanyp, asman ýagtyltgyçlary, aýratynda ony matematika degişli meseleler gyzyklanypdyr. Görnükli rus alymy W. L. Wýatkiniň 1908-nji ýylda başlan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, bu ajaýyp binagärçilik we astronomiki ýadygärligiň hakyky görnüşi aýan bolýar.
Obserwatoriýanyň galyndysyny 1908-nji ýylda rus arheolog alymy W. M. Wýatkin tapýar we 1948-nji ýylda gutarnykly ýagdaýda gazuw-agtaryş işlerini doly tamamlaýarlar.
Ulugbek özünden soňky nesillere baý ylmy mirasy galdyrmagy başaran alymdyr.
Onuň jedweli 1665-nji ýylda Angliýada Oksford uniwersitetiniň çaphanasynda iňlis dilinde neşir edilýär.
Ulugbegiň ýolbaşçylygyndaky astronomiýa mekdebi, onuň gatnaşmagy bilen işlemegini 30 ýyllap dowam etdirýar.
Onuň ýasan guraly özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanypdyr. Ulugbegiň ýatkeşligine degişli hakykat ýene-de bir gyzykly ýagdaýyň üsti bilen düşündirilýär. Ol aw etmegiň ölemen höwesgäri bolupdyr. Onuň kitaphanasynda ýörite kitap saklanylypdyr. Beýik akyldar bu kitaba köp ýyllaryň dowamynda geçiren awlarynyň senesini, her bir awyň ýerlerini, şeýle-de atylan guşlarynyň sanyny belleýär eken. Bir gezek awa çykanlarynda bu kitaby, kitaphanaçy tötänlikde ýitirýär. Kitaphanaçy bu wakany hökümdara gynanmak bilen habar berýär. Emma Ulugbek oňa gynanmagyň gerek däldigini, rahatlanmalydygyny aýdýar we kitabyň mazmunynyň ýadynda galandygyny belleýär. Beýik akyldar şeýle hem edýär. Haçan-da ýitirilen kitap tapylanda, Ulugbekiň dört ýa-da bäş sany ýalňyşlyk goýberendigi belli bolýar.
Bahtyýar Babakulyýew,
Çärjew etrabyndaky 53-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.