BIZE YAZYARLAR

WATANYMYŇ WASPY

Güneşli gözel ýurdumda                             

Arkadagly Serdarmyz bar                         

Joşup urýan gursagmyzda                               

Pyragyň ündewleri bar   

                                 

Her gün bizde toýdur-baýram

Halkym minnetdar Serdara

Il içinde giňden ýaýran

Kitaby sowgat ýaşlara

 

Yaşlar-Watanyň daýanjy

Diýýär Serdarymyz bize

Arkadagmyz il guwanjy

Şatlyk goşýar günlermize

 

Yhlas edip okaýarys

Serdarmyza jogap edip

Watanmyza guwanýarys

Başymyza togap edip

 

Işleýärler, okaýarlar

Gül watanyň saýasynda

Ýaşlarmyz bilim alýarlar

Ak mermerli binasynda

 

Çagajyklar ertir irden

Bagtly mekdebe barýarlar

Parasatly mugallymlar

Olara bilim berýärler

 

Mähriban ata-eneler

Dürli kärlerde işleýär

Gündiz ýaly ak gijeler

Seýilgählere çagyrýar

 

Köçeler güllerden doly

Bezeg berip yollarmyza

Dört pasylam bahar ýaly

Nygmat dolýar saçagmyza

 

Nebiti, gazy ummasyz

Ak altyn, halysy gölli

Behişdi bedew atymyz

Ýüwreklikde dünýä belli

 

Gahryman Arkadagmyzyň

Saýasynda ýaşaýarys

Arkadagly Serdarmyzyň

Ynamyny ödeýäris.

   Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň  “Aýdym aýtmak sungaty”bölüminiň II ýyl talyby

   Selbi Imamowa             

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: