BIZE YAZYARLAR

Welaýat teatrynda taryhy eserler görkeziler

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda şu hepdäniň dynç alyş günlerinde «Daýahatyn» we «Demir aýal» atly sahna eserleri görkeziler. «Daýahatyn» 11-nji, «Demir aýal» bolsa 12-nji fewral günlerinde tomaşaçylara ýetiriler. Bu eserleriň ikisi hem agşam sagat 19-da başlanar.

11-nji fewralda, şenbe güni görkeziljek «Daýahatyn» atly sahna eseri halkara festiwallaryň hem ýeňijisi boldy. Režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran eseri orta asyryň dartgynly wakalaryndan gürrüň berýär.

Özbek dramaturgy Şaraf Başgekowyň edebi esasynda sahnalaşdyrylan «Demir aýal» atly eserde sahnada beýan edilýän wakalaryň üsti bilen zenanyň durmuşdaky orny, maşgala agzalarynyň gündelik aladalary, birek-birege hormaty barada söz açylýar. Režissýor Alijan Hemraýewiň sahnalaşdyrýan oýnunda söýgi atly mukaddes duýgynyň gymmaty, maşgala mukaddeslikleri, birek-birege sarpa goýmak ýaly pikirler öňe sürülýär.

Raksana METREÝIMOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: