BILIM

Mekdep okuwçylary Halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler

Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. Geçen ýyl olaryň 770-e ýakyny dürli derejeli medallara we diplomlara mynasyp boldular.

Halkara derejesinde onlaýn görnüşinde ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşan oglanlar we gyzlar 16 sany altyn, 14 sany kümüş we 11 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Internet bäsleşiklerinde bolsa jemi 2 sany kümüş we şonça bürünç medal gazandylar. Şonuň ýaly-da, Halkara internet bäsleşiklerinde 586 sany birinji, 112 sany ikinji we 24 sany üçünji derejeli Diplomlara eýe boldular.

Ýokary tizlikli internet ulgamynyň elýeter bolmagy bütin ilata, şol sanda mekdep okuwçylaryna hem bütindünýä torundan peýdalanmaga, deň-duşlarynyň arasynda geçirilýän dürli çärelere gatnaşmaga giň mümkinçilikleri açdy. Olar onlaýn görnüşinde guralýan we internet bäsleşiklerine höwes bilen gatnaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: