Halkara festiwaldan goşa üstünlik
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary Moskwada kompozitor Nury Halmämmedowyň hatyrasyna bagyşlanyp geçirilen «Dutaryň owazy»’ atly festiwalyň çäklerinde yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Olar bu ýeňşi üçin festiwalyň ýörite diplomyna mynasyp boldular.
Bäsleşik sanly ulgam arkaly gurnaldy. Onda mekdebimiziň «Owaz» akapella topary üçünji orna mynasyp boldy. Topar bu bäsleşige mugallym Ilgar Atahanowyň ýolbaşçylygynda gatnaşdy. Talyplar akapella usulynda Nury Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» (polifoniýaly hor görnüşinde), Batyr Soltanowyň «Ýagyş ýagýar» atly eserlerini we «Niksarin fidanlari» atly türk halk aýdymyny ýerine ýetirdiler.
2008-nji ýylda döredilen toparyň ozal hem birnäçe abraýly baýraklara mynasyp bolandygyny ýatladýarys.
«Owaz» toparyndan başga-da, bäsleşikde mekdebimiziň ikinji ýyl talyby Nargis Karimowa ýerine ýetirijilik ussatlygy boýunça üçünji derejeli diploma mynasyp boldy. Ol nemes kompozitory Iogann Sebastiýan Bahyň (d-moll) ,«Sarabandasyny», «Žigasyny» ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, ajaýyp wertuoz, öz käriniň ussady rus kompozitory Sergeý Rahmaninowyň «Пляска сиганов», meşhur türkmen kompozitory Çary Nurymowyň Sonatasyny (3-nji bölüm a-moll) ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Şeýle ajaýyp ýaş zehinň ukybyny açyp görkezen ussat mugallym Gülnara Jumaniýazowa sagbolsun hatlary gowşuruldy.
Anžela Atamyradowa,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň sazyň
taryhy wenazaryýeti bölüminiň üçünji ýyl talyby.