BIZE YAZYARLAR

Bilim ýollaryň çyragy

Ýaşlar ýörite we ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýança hem okap öwrenýärler. Çünki ynsan ýaşamak üçin durmuşy we adamlary öwrenmäge mätäçdir. Peýda bilen zeleliň nämedigini öwrenmäge mejburdyr. Bal arylary bolsa kämil edilip ýaradylypdyr. Biz durmuş üçin ýigrimi gün däl, ýigrimi ýyl hem öwrenmäge mätäç. Bir dana kişiniň aýdyşy ýaly, bilim azyk, akyl onuň bilen iýmitlenýär

Bilimsizlik ähli ýamanlyklaryň gözbaşydyr. Nadan adam özüne iň uly ýamanlygy yglan edýär. Hünärsiz kişiniň dik durup bilmeýän gapdan parhy ýokdur.

 Sagdy bilimsizligi dowula meňzedipdir. Onuň owazy belendem bolsa, içi boşdur. Ynsanyň akyl sandygy gözel düşünjeler we bilim jöwherleri bilen doldurylanda ýüregi baýlaşýar. Adamyňyň gadyry hünär bilen beýgelýär.

Bilmezlik aýyp däldir, ýöne öwrenmäge ymtylmazlyk aýypdyr. Ibn Masud ynsanyň bilmeýän zadyny biljek bolmagy hem ylymdyr diýip ýazypdyr. Çünki ynsan bilmedigini bilse, öwrenmäge ymtylýar.

Ähli şowsuzlyklary hünär bilen ýeňmek mümkindir. Okamak, öwrenmek dünýäde iň ullakan lezzetdir. Ynsan özüniň bilimi bilen hormat gazanýar.

Her bir adamyň kalbynda kiçiliginden haýsydyr bir hünäre bolan hormat duýgusy oýanýar. Çagajyk kiçiliginden aňynda belli bir hünäriň hyýaly taslamasyny düzýär. Özüni durmuşda şol hünäre taýýarlaýar. Ýöne saý-sebäp bilen başga bir hünäriň eýesi bolsa-da, kalbyndaky höwesiň yşky bir ömür ony öz erkine goýmaýar.

Bir oglan ýaşlykdan edebiýat, çeper döredijilik bilen gyzyklanýar. Bagty çüwüp, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça ýokary bilim alýar. Instituty tamamlap, dogduk obasynda mugallymçylyk edip başlaýar. Onuň geçýän her bir sapagy çagalarda üýtgeşik täsir galdyrýar. Kalby joşanda eline galam alyp, çuňňur mazmunly şygyrlar ýazýan ýaş mugallym hojalygyň ownuk aladalary bilen meşgullanýarka hem özüne nämedir bir zadyň ýetmeýändigini duýýar. Aradan birnäçe ýyl geçýär. Bile okan deň-duşlary instituty tamamlamaklarynyň on bäş ýyllygyny belleýärler. Duşuşyk tamamlanandan soň, ol şäherde galyp, ylmy edaralaryň birinde işleýän dosty bilen daň atýança söhbet edibem ýadamaýar. Şonda ol ýokary okuw mekdebini tamamlan döwürleri özüniň töwekgel ädim ätmändigine, kämilleşmek üçin öňünde uly maksatlary goýmandygyna ökünýär. Obasyna dolanandan soň, öz üstünde köp işleýär. Birnäçe edebiýatlardan okap öwrenýär. Şygyr sungatynyň inçe tilsimlerini ele alýar. Ol döredijilik äleminde özüni tapýar. Her şygry dörände başga bir ömri ýaşap bilýär. Ynsanyň edýän işini söýüp amala aşyrmagy hökmandyr. Şonuň üçin kesp saýlanymyzda juda hüşgär bolmagymyz zerur. Söýmeýän kärimiz bize lezzetsiz duýulmagy mümkin.

Mugallymlaryň, ene-atalaryň maslahatlaryna gulak salmak elbetde ýaşlar üçin peýdaly. Olar öz balalarynyň we şägirtleriniň ýamanlygyny islemeýär.

Elmira Babakulyýewa,

Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň okuw işleri boýunça orunbasary.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: