Milli Nowruz baýramçylygy mynasybetli, Lebap ýörite sungat mekdebinde döredijilik konserti geçirildi. Bu konsertde “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.
Halkara Nowruz baýramy her ýylyň 21-nji martynda bellenilýär. Baýramçylyk 2010-njy ýylda Owganystan, Türkiýe, Albaniýa, Makedoniýa, Eýran, Türkmenistan, Gazagystan ýaly ýurtlaryň hökümetleriniň inisiatiwalarynyň esasynda döredilýär. Birleşen Milletler guramasynyň baş Assambleýasy tarapyndan 23-nji fewralda Nowruz Baýramyny Birleşen Milletler guramasynyň resmi baýramçylygy hökmünde bellenilmegi hakynda netije kabul edildi. Nowruz baýramy bahar baýramynyň gelmegini we tebigatyň janlanmagyny aňladýan täze ýyl baýramçylygy hasaplanylýar.
“Nowruz geldi, ýaz geldi,
Saýrak guşlar açdy dil
Durna bilen gaz geldi
Oýandy bagda bilbil.
Öwsüp ýazyň howasy
Bahar toýun toýlaýar
Guşlaň näzik owazy
Güller başyň aýlaýar.
Yşka düşen tebigat
Gün gökde otly ojak
Nowruz misli zerli hat
Gül-gunça gujak – gujak.
Gyz görkün ýada salar
Atyr ysly säherler
Täze gün, täze Nowruz
Hoş geldiň sen biziň ile!”
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň konsert zaly sahnasy gowy, ajaýyp güller bilen bezelip, milli gözelligi özünde jemläp, ösdürilip ýetişdirilen “ak bugdaýyň” ýaşyl baldaklary milli baýramyň nyşany bilen bezeldi.
Konsertde mugallymlar we talyplar türkmen we daşary ýurt nusgawy sazlary ýekelikde, ansambl sazlary bilen çykyş etdiler.
Konserti “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Uzukjemal Begenjowa alyp bardy.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 3-nji ýyl talyby ýaş şahyr Ogulbeg Ýegenowa Enä bolan çäksiz söýgi, gadyrly, mähirli, ýakymly duýgular, Türkmenistan Ata Watanymyzyň gülläp ösüşi, Watana hyzmat etmek, Watana bolan söýgi “Mähriban käbäm”, “Türkmenistan” goşgularynda beýan edip, goşgyny sesli,labyzly okady.
Dürli Rozyýewanyň sözlerine kompozitor Batyr Taçow “Ene kalby” aýdymyny uly ýylylyk bilen (“Aýdym” bölümiň 1-nji ýyl talyby Gözel Annaýewa,konsertmeýster Aýgül Silgeldiýewa) ýerine ýetirdi.
Fortepiano sazy bütin ýagty çykyşlaryň biri. Häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň eserleri: mugallym Ýuliýa Jumaýewa (Jahan Paýtakowanyň näzik owadan, ajaýyp “Şopen stilindäki Walsy” ) we 4-nji ýyl talyby Gözel Jumaniýazowa (Wera Abaýewanyň “Aýralyk” Gündogar stilindäki pýesa).
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 1-nji ýyl talyby Anžela Atamyradowa F.Şopeniň tolgundyryjy “Bahar walsy” ýeňil şemalyň öwüsmegi we guşlaryň saýramagy bilen baglanyşdyryp ýerine ýetirdi.
Özboluşly kompozitor, bölümiň mugallymy Wepa Aşyrow diňleýjilere özüniň üç sany türkmen halk aýdymyny täzeden işlän görnüşini joşgunly we ussatlyk bilen çalyp, olarda gowy täsir galdyrmagy başardy.
Bölümiň 3-nji ýyl talyplary Mährigül Awazowa we Gözel Nurmamedowa Britan kompozitory, dirižýor, multiinstrumentalisti Karl Jenkinsiň iki roýal üçin döreden ajaýyp,dünýä belli “Palladio” eserini ýerine ýetirdiler.
Franzus aranžirowkaçy, estrada-simfoniki Grand -orkestriň ýolbaşçysy belli kompozitor Pol Morianyň “Tokkata” saz kompozisiýasyny 1-nji ýyl talyby Soltan Alymow häzirki zaman elektron sazy guraly “ritm-blokda” ýerine ýetirdi.
Konsert “Türkmenistanyň sungada at gazanan işgäri”, ilkinji türkmen zenan kompozitory Jeren Gurbangylyjowa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanowyň sözlerine döreden “Söýgä ýüzlenme” aýdymyny “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplarynyň hory manyly, tüýs ýürekden, jandan syzdyryp, yhlas bilen ýerine ýetirdiler.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň zehinli ýaş nesilleri sungat döredijiliginde öz ussatlyklaryny we başarnyklaryny ynamly görkezmegi başardylar. Bu konsert – Bahar paslynyň gelmegi, milli Nowruz baýramynyň özboluşly gimni bolup ýaňlandy.
Mährigül Awazowa,
Lebap welaýat ýörite
sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby




