YKDYSADYÝET

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 109,3 göterim ösüş depgini gazanyldy

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýylyň tamamlanan dört aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende benzin öndürmekde 109,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şonda bu gymmatly önümiň 83,5 müň tonnadan gowragy öndürildi.

Soňky döwürde iri senagat kärhanasyny çig mal bilen üpjün etmek meselesi oňyn çözülýär. Bu bolsa bar bolan kuwwatlyklardan netijeli peýdalanmaga we önümleriň öndürilişini artdyrmaga esas döredýär. Üstümizdäki ýylyň geçen dört aýynda dizel ýangyjynyň hem 43,5 müň tonnadan gowragy öndürilip, degişli meýilnama 122 göterim berjaý edildi. Wakuum gazoýlyny, ýol bitumyny öndürmek baradaky meýilnamalar hem artygy bilen ýerine ýetirildi. Taýýar harytlyk önümleriň aglaba bölegi daşary ýurtlara eksport edildi.     

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: