YKDYSADYÝET

«Nurly meýdan» daýhan hojalygy azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşýar

 «Nurly meýdan» daýhan hojalygy ýylyň başyndan bäri söwda nokatlaryna 2,7 milliondan gowrak ýumurtgany ýerledi.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çägindäki bu daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda şu ýylyň birinji çärýeginde inkubatordan alnan sagdyn jüýjeleriň sany 1 million 152 müňe golaýlady. Olaryň umumy sanynyň üçden birinden gowragy et ugurly broýler jüýjeleridir. Daýhan hojalygynda ýylda 75 müň tonna barabar bolan kombinirlenen iým taýýarlaýan ýörite önümhananyň hem işlemegi sarp edijilere towuk önümlerini elýeterli bahadan ýerlemäge mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: