SPORT WE SYÝAHAT

Küşt boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde küşt boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we etraplaryň ählisinden 268 türgen gatnaşdy. Olaryň 155-si oglanlar we 113-si gyzlardyr.

Oýunlar 8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýaş aýratynlyklyklaryna laýyklykda geçirildi. Ýedi günläp dowam eden ýaryşlarda Türkmenabat şäheriniň küştçüleri has gowy netijeleri görkezdiler. Olar 36 sany baýrakly orunlardan 28-sini eýelemegi başardylar. Şonuň ýaly-da, Dänew, Farap we Kerki etraplaryndan gelen küştçüler hem gowy netijeleri görkezdiler.

Ýeňijilere guramaçylar welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi tarapyndan degişli diplomlar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: