BIZE YAZYARLAR

Baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gyz-gelinlerine pul sowgatlarynyň gowşurylmagy başymyzy göge ýetirdi. Eziz Diýarymyzyň ähli talyp gelin-gyzlarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk sowgadyna mynasyp bolmak bize-de miýesser etdi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy bilen bagly aýdym-sazly, buýsançly çykyşlara beslenen dabaralar geçirildi. Olarda mekdebimizde zähmet çekýän zenan mugallymlar we talyp gelin-gyzlar Halkara zenanlar bilen güni bilen tüýs ýürekden gutlanyldy.

Hormatly Prezidenimiziň baýramçylyk sowgadyny ýüze sylyp kabul eden mugallamlardyr talyplar ýürege ýakymly sowgat we ajaýyp döwrümiz üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.

Nigara ALLAKOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: