BIZE YAZYARLAR

Türkmen toýlary

 Türkmen toýlarynda gadymlardan bäri dürli däp-dessurlar ýörgünlidir.  Ogul öýerilip, gyz çykarylanda ýerine ýetirilýän dessurlary yzarlap otursaň, pederlerimiziň ruhy düşünjeleriniň örän ýokary bolandygyna göz ýetirmek bolýar.

Gyza ýagşy dilegler bilen ak pata berlip, atasy öýünden gelinlik hökmünde alnyp gidiljek mahaly, ata-enesi oňa «dokuz» serpaý beripdir. Däbe görä, gyzyň dokuzyny gelnalyjy ugrajak wagty öýden onuň hossarlarynyň özi alyp çykyp, gaýyn tarapa elin gowşurar eken, «Dokuz» gowşurylan adam ony çykaryp berene elhaky beripdir.

Bu kada görä, «dokuz» çykaran hökman berlen aklyk puly almaly eken. Çünki ynama görä, şonuň bilen onuň rysgal-döwleti artyp, goly-ganaty uzaýar we döwletment kişi bolup, jany sagat, işi şouna bolýar.

Gapy tutmak kadasyna görä, gyz atasy öýünden alnyp çykylýan pursaty, toýa gatnaşýan aýallaryň birnäçesi gelnalyjylary öýden çykarman, gapyny saklap durýar we olardan serpaý talap edýär. Şeýle ýagdaýda ýigit tarapy gapy tutana aklyk berýärler.

 Öý hojalyk we beýleki gaýry işler bilen mübtela bolup gyz göçürilýän toýa baryp bilmedikler ýolda gelnalyjynyň öňünden çykyp, ýoluny saklap, «Dadymlyk beriň» diýip soramaga ygtyýarly bolupdyr. Şeýle ýagdaýda, gelnalyjy ondan gyzyň kimlerdendigini aýdyp bermegini sorapdyr. Şonda ýol tutýan adam ony aýtmaga borçly bolupdyr. Gelin alýanlaryň berlen jogapdan göwni bitse, ýol tutana agyz süýjüligi üçin dadymlyk beripdir.

Toý mübärekläp gelen aýallar märekäniň üýşen ýerine baryp, süýjülik hökmünde köke ýa-da çaga oýunjaklaryny adamlaryň üstüne seçýär. Şeýle ýagdaýda, toýçulara olardan dadymlyk ýetýär.

Seçginiň seçilmegi «nesip-tama» yrymy bilenem baglydyr. Bu yryma görä, her kim bize-de gyz çykarmak, ogul öýermek nesip etsin diýen umyt bilen: «Bize-de nesip etsin», «Gelin gelsin öýüme, dilim gelsin söýüne», «Ýagşy niýet-ýarym döwlet» diýen ýaly sözleri aýdyp, seçgilik alanda ony maňlaýyna degripdir. Şeýlelikde, seçgi seçmek däbi toýuň şowhunyny, dabarasyny has-da artydyrypdyr. Toý däpleri adamlaryň arasynda birek-birege bolan hormaty kemala getiripdir.

Güljemal  Bazarowa,

Saýat etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: