BIZE YAZYARLAR

Daşlaryň syrlary

Meşhur şahyr Omar Haýýamyň döredijiliginde: «Sadapdan durlanan damja dür bolar», «Daş diýmäňler, ol — Zeminiň ahwaly» diýen setirler bar. Şahyryň «Nowruznama» eserinde gymmatbaha daşlar hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Ata-babalarymyz ýönekeýje daşlaryň suwy arassalaýanlygyny bilip, suw howuzlarynyň düýbüne daş düşäpdirler. Himiýa ylmy bilen iş salyşýanlar daşlaryň adamyň häsiýetine, dünýägaraýşyna, saglygyna täsir edýänligini aýratyn nygtaýarlar.

Zergärçilik bilen meşgullanan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde:

Perwana ot görse, jan biýr aýrylmaz

Simap-gyzyl tapsa, mesge-bal tapsa — diýen setirler bar. Şahyr bu setirlerinde uly möçberli çägäniň düzüminde altyn bölejikleriniň bolýandygyny, simaby togalamak bilen bir tokga altyny özüne siňdirip, arassa tyllanyň bir bölegini emele getirýän simabyň hüý-häsiýetine beletdigini görkezýär.

Ata-babalarymyz altyn ýuwmak üçin tüýi, çitimi ösgün haly, deri ýaly ulurak düşek ulanypdyrlar. Tüýli düşegi güzeriň suwly ýerinde oturdylan ýapaşak tapjana berkidipdirler. Onuň üstüne çäge guýup suw guýupdyrlar. Çäge suw bilen akara guýlanda massasy agyr bolan altyn däneleri aşak çöküp, halynyň arasynda saklanypdyr. Şol düşegi arassa zadyň üstüne kakyp, zer owuntyklaryny toplap, bir gaba döküpdirler, üstüne guýlan simap bugaryp, arassa altynyň özi galypdyr.

«Kimýa atly ot islärin» diýen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde waspy ýetirilen daşlar adamyň paýhasyna, gujur-gaýratyna täsir edipdir. Şahyr «Ýaşyl zümerret», «Näler boldy» atly goşgularynda zümerret, dür, ak hünji, ýakut ýaly daşlaryň häsiýeti barada söz açýar. Daşlar howanyň ýagdaýyny öňünden anyklamaga ýardam edipdir. Zümerret daşy howa açyk boljak bolsa açyk ýaşyl, bulutly boljak bolsa garamtyl ýaşyl reňkde öwsüpdir. Şeýle gymmatlygy özünde saklaýan daşlar tebigatymyzyň baýlygydyr.

Nasiba Ýahýaýewa,

Türkmenabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň himiýa mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: