JEMGYÝET

«Baýramalyşäherýylylyk» müdirliginde gyş paslyna taýýarlykly gelindi

Mary welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň «Baýramalyşäherýylylyk» müdirliginiň işgärleri gyş paslyna taýýarlygyň çäklerinde şäher boýunça umumy uzynlygy 19,349 kilometr bolan ýylylyk geçirijileriň 1,5 kilometre golaýynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçiripdirler. Ýylylyk geçirijileriň daşky sargy işleri ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Bug gazanlary, elektrik we beýleki enjamlar doly gözden geçirilip, möwsüme taýýarlanylypdyr. Müdirlige degişli 27 sany ýyladyş desgasynyň ählisi hem talaba laýyk işledilýär. Netijede şu günler şäheriň 153 ýaşaýyş jaýy, 14 edara-kärhanasy, bir hassahana, bir «Saglyk öýi», 16 mekdep, 27 çagalar bagy we beýleki binalar ýylylyk bilen üznüksiz üpjün edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: