YKDYSADYÝET

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti pomidoryň eksportynyň möçberini  artdyrýar

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwlet tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen 1000 gektar ýeriniň 34 gektar meýdanynda ýyladyşhana toplumynda «Salkym», «Gülgüne», «Çerri» diýen üç görnüşinden bol hasyl alynýar. Bu ýerde pomidoryň ýyllyk 18 müň tonna hasylyny alnyp, onuň köp bölegini eksporta ibermegi niýetleýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýetişdirilýän pomidoryň aýda müň tonnasy Russiýa, Gazagystana eksport edilýär. Hojalyk jemgyýeti önümi daşarky bazara ugratmak çygryny giňeltmegi  maksat edinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: