YKDYSADYÝET

«Batly gadam» hususy kärhanasy önüminiň esasy bölegini eksporta ugradýar

Balkanabat şäherindäki «Batly gadam» hususy kärhanasynda her gije-gündizde 13,5 tonna golaý ýokary hilli ýüplük taýýarlanylýar. Öndürilen önümiň 90 göterimi daşarky bazarlara ugradylýar. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde 37 million 925 müň manatlyga golaý dürli ölçeglerdäki ýüplükleri taýýarlanyldy. Onuň 32,5 million manatlykdan hem gowragy sarp edijilere ugradyldy.

Kärhananyň jorap önümçiligi bölüminde her gije-gündizde 50 müň jorap öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: