BIZE YAZYARLAR

Balyk ýylynyň bosagasynda balykçylyk barada

Balykçylyk pudagy azyk senagatynyň bir pudagydyr. Esasy wezipe balyk we beýleki deňiz önümlerini tutmakdan (balyk tutmak we balyk ösdürip ýetişdirmek) we gaýtadan işlemekden ybaratdyr.

Senagat hökmünde balykçylyk XVII asyrda döräpdir. Bu senagatyň ähmiýeti ýa-da täjirçilik maksady balyk ýa-da beýleki deňiz önümlerini adamlaryň sarp etmegi üçin üpjün etmekden ybarat bolup durýar.  Ösýän ýurtlarda 500 milliondan gowrak adam eklenç üçin balykçylyga we suw hojalygyna gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn baglydyr. Hytaý, Indoneziýa we Hindistan ýaly ýurtlar balyk tutmakda öňdeligi eýeleýärler.

Balyk tutmak adamlaryň ykdysady işjeňliginiň iň gadymy görnüşlerinden biridir. Şeýle hem balyk tutmagyň adamyň ruhy we beden güýjüni berkitmeginiň ajaýyp serişdesi bolup hyzmat edýändigi bellenilip geçilýär.

Biziň döwletimizde hem balykçylyk pudagy işjeň ösdürilýär. «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» laýyklykda, balyk we balyk önümleri hem azyk üpjünçiliginiň esasy bölegini düzýär. Içerki sarp ediş bazary ýerli balyk önümleri bilen üpjün edilýär.

Türkmen milli tagamlarynyň balykdan taýýarlanýan görnüşleri örän köp. Adamlaryň sagdyn iýmitlenmeginde olar uly orun tutýar. Yzygiderli balyk iýmek adamyň gan aýlanyşyny, gözüniň görejini gowulandyrýar. Lukman Arkadagymyz öz kitaplarynda hem balygyň saglyga peýdasyna ünsi çekýär.

Umuman, ýurdumyzda balykçylyk pudagy hususy telekeçileriň işjeň gatnaşmagynda ösdürilýär.

Bibisoltan BAHADUROWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: