BIZE YAZYARLAR

Käbäm

Bilip bilmän ynjydan bolsam eger,

Bagyşla diýýän dyz çöküp käbäm,

Sensiň dünýädäki uly baýlygym

Bagyşla sen meni mähriban käbäm.

 

Diýerdim hemişe başymy ogşap,

Sen meniň dünýämi giň eden käbäm.

Gitdiň menden geçip uzak ýerlere,

Zar boldum ýakymly sesiňe käbäm.

 

Bu jahan dar sen bolmasaň ýanymda,

Her kim tutabilmez ornyňy käbäm

Mährem ýylgyryşyň meniň ýadymda,

Gitme menden uzak ýerlere käbäm.

 

Käte güldüm käte agladym sensiz,

Barlygyňda bagtlydym men käbäm.

Häzir solan gül ýaly balaň sensiz,

Gitme menden uzak ýerlere käbäm.

 

Ýoluňa sereýin ýazyň güllerin,

Gulaga ýakymly mahrem sözleriň,

Seniň waspyň edip saýrar dillerim

Gitme menden uzak ýerlere käbäm.

Dänew etrabynyň garaşsyzlyk şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň

okuwçysy Maýsa Ikramowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: