Türkmenabatda halkara maslahat geçirilýär
Şu gün Türkmenabat şäher häkimliginde «Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amalay maslahatyň umumy mejlisi geçirildi.
Mejlisde açylyş sözi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow sözledi. Ol döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny hem okady.
Soňra mejlis Lebap welaýat häkiminiň orunbasary Oguljennet Berdiliýewanyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynra Rüstemowanyň, Tatarystan Respublikasynyň dünýä medeniýeti institutynyň professory Albert Burhanowyň we beýleki alymlaryň çykyşlary bilen dowam etdi.
Umumy mejlisden soň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem-de welaýat kitaphanasynda halkara maslahatyň «Amul galasy: bilelikdäki arheologiýa gözlegleriniň geljegi» hem-de «Beýik Ýüpek ýoly we Amul galasynyň taryhy medeni mirasy» atly bölümleri işledi.
Agşamlyk halkara maslahatyň ýapylyş dabarasy bolar.