MEDENIÝET

Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» tans toparynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» tans toparynyň konserti geçirildi. Bu meşhur toparyň tansçylary Çelýabinsk oblastynyň gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanda bolýarlar.

Konsert maksatnamasy toparyň altyn gaznasyna giren horeografik çykyşlaryň 12-sini öz içine aldy. Toparyň köp öwüşginli çykyşlarynda urallylaryň ýerli sungaty wagyz edilip, olaryň milli aýratynlyklary we folklory häzirki zaman horeografik eserlerinde öz beýanyny tapýar. Şeýle-de, dabarada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin «Mukam» skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarka «Puşkin» medalyny gowşurdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: