YKDYSADYÝET

Balkan welaýatynda täze suw howdany ulanylmaga berildi

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze suw howdany gurlup ulanylmaga berildi. Bu barada «Balkan» gazeti habar berýär.

Göwrümi 18 million kub metr bolan bu suw howdanynyň taslama işlerini Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylmytaslama» institutynyň hünärmenleri taýýarlap, onuň gurluşyk işleri şol komitetiň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň suw gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy.

Bu howdan geljek ýyllarda Garagum derýasynyň aşaky akymynda güýz we gyş pasyllarynda suw toplamakda, derýanyň akymyny sazlamakda hem-de welaýatyň bereketli ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş suwy bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmakda uly hyzmatlary ýerine ýetirer. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: