YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriler

Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdiriler.

Welaýat boýunça 130 müň gektar ýere gowaça ekiler. Şeýle hem, 10,2 müň gektara şaly, 2,3 müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinleri, 3 müň 320 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.

Şu günler welaýatyň bugdaý ekilen 130 müň gektar meýdanynda ak ekinlere, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew 17-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: