MEDENIÝET

Aşgabatda Wiktor Soýy ýatlap, döredijilik agşamy geçirildi

Aşgabadyň «Türkmenistan» kinokonsert zalynda aýdymçy, kompozitor Wiktor Soýuň ýagty ýadygärligine bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Söýgüli aýdymçysyny ýatlamak we onuň ýazan sazlaryny diňlemek üçin bu ýerde dürli ýaşdaky aýdym-saz muşdaklary ýygnandylar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Şol gün agşam sahnada «Enjoy», «Столичная», «MIXTIME» toparlary, şonuň ýaly-da myhmanlar çykyş etdiler. Zehinli sazandanyň «Звёзды останутся здесь», «Кукушка», «Алюминиевые огурцы», «Малыш» we beýleki aýdymlary täze aranžirowkada ýaňlandy. Eldar Muzafarowyň eserlere giriş hökmünde W.Soýuň durmuşy barada beren gürrüňi konsertiň meýilnamasy bilen sazlaşykly utgaşyp gitdi. Bogdan Smoliniň, Aleksandr Kuwarziniň we Galina Dobrowanyň ýerine ýetiren aýdymlary täzeçe ýaňlandy. Andreý Abduliniň wokaly zala W.Soýuň aýdymlaryny özi ýerine ýetiren döwrüniň — 80-nji ýyllaryň  atmosferasyny emele getirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: