Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde duşuşyk geçirildi

May 8, 2021

Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Watan mertleri baky ýaşar» atly duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Darganata etrap komitetiniň we welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä tylda galan zähmetkeşler, zähmet weteranlary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda tylda ýeňşi ýakynlaşdyrmak ugrunda çekilen barada täsirli çykyşlar diňlenildi. Soňra myhmanlar bu ýerde guralan sergä-de tomaşa etdiler we muzeýiň gaznasynda saklanýan uruş esbaplary, uruş ýyllaryny beýan edýän dürli görnüşli fotosuratlar, arhiw resminamalary, frontdan gelen hatlar bilen tanyşdylar.

 

Leave a Reply