JEMGYÝET

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek ugrunda işler alnyp barylýar

Türkmenabat şäher maliýe bölüminiň mejlisler zalynda çilime garşy göreşmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Ony Lebap welaýat polisiýa müdirligi, saglygy goraýyş müdirligi we jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.

Onda welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmanlary çykyş etdiler we temmäkiniň tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany, onuň birnäçe kesellere, hatda täze döremelere çenli eltýändigi barada gürrüň berdiler. Şonuň üçin hem raýatlaryň arasynda çilimkeşlige garşy wagyz-nesihat işlerini ysygider geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Şu günler Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022—2025-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek, çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça yglan edilen biraýlygyň çäginde Lebap welaýatynyň ähli ýerlerinde wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: