YKDYSADYÝET

Bäherden etrabynyň galla önümleri kärhanasynda ýokary ösüş depgini gazanyldy

Bäherden etrabynyň galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 14 million 614 müň 552 manat möçberinde iş edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 129,2 göterim ösüş depginiň üpjün edilendigini görkezýär. Ilaty ýokary hilli un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün edýän bu kärhanada azyklyk dänäni ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlemegiň hasabyna önümiň hiliniň has gowy bolmagy gazanylýar.

Kärhanada geçen döwürde ýarmanyň hem ýüzlerçe tonnasy öndürildi. Kärhananyň agzybir işgärleri tohumlyk gallany geljekki ekiş möwsümi üçin talabalaýyk saklamakda, ony arassalap, degişli serişdeler bilen baýlaşdyrmakda hem mynasyp işleri bitirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: