JEMGYÝET

Täze ýyl baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Ak gar ýaly ak arzuwly Täze ýyl!» diýlip atlandyrylan sergi açyldy.

Suratkeşleriň hem-de fotosuratçylaryň 40-dan gowragynyň gatnaşmagynda guralan sergidäki işleriň 60-sy nakgaşçylyk, 9-sy grafika, 5-si heýkel, 2-si bolsa zergärçilik işlerinden hem-de 29-sy fotosuratlardan ybaratdyr. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Gyş pursady», «Gyşky peýzaž», nakgaş suratkeşler Hojamuhammet Çüriýewiň «Ilkinji gar», Rustam Abdyllaýewiň «Garly ýoda», Aşyrmuhammet Kulyýewiň«Gyş ýylgyny», Çarymyrat Ýazmyradowyň«Gyş nagmalary», Parahat Gapançaýewiň «Gar barsy», «Bars», Merdan Kakabaýewiň «Garaguma gyş geldi» ýaly eserlerini synlamak bolýar.

Sergidäki işlerde gyş paslynyň gaýtalanmajak gözellikleri, ösümlik hem haýwanat dünýäsi reňk sazlaşygy arkaly wasp edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: