JEMGYÝET

Iň gowy gyzlar kluby mälim edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Iň gowy gyzlar kluby» atly bäsleşik geçirildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Oňa etrabyň çägindäki orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Olar okaýan mekdebinde hereket edýän gyzlar klubynyň ady, nyşany we şygary bilen şahyrana dilde tanyşdyrmak, terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, rowaýatlaryň, oýlanmalaryň, aýdymlaryň üsti bilen özleriniň döredijilik ukyp-başarnyklaryny görkezmek, psihologiýa, intellektual durmuş terbiýesi bilen bagly birnäçe sowalnamalara jogap bermek boýunça bäsleşdiler.

Netijede etrapdaky 25-nji orta mekdebiň «Gülälek» gyzlar kluby birinji, 45-nji orta mekdebiň «Gunça» gyzlar kluby ikinji, 37-nji orta mekdebiň «Bahar» gyzlar kluby üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: