YKDYSADYÝET

Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde geçen ýyl 130,5 göterim ösüş gazanyldy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde geçen ýylda önüm öndürmek boýunça ýokary iş görkezijiler gazanyldy.

«Türkmenistan» gazeti habar bermegine görä, geçen ýylda bu ýerde 92 million 820 müň 214 manatlyk önüm öndürildi. Munuň özi ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 130,5 göterim ösüşiň gazanylandygyny aňladýar. Fabrikde öndürilen 27/1, 34/1, 51/1 belgili ýüplükleriň agramly bölegi daşary bazarlara eksport edildi. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan eksport ugurly ýüplükleriň öndürilmeginde fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň goşandy has-da saldamly boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: