JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine Hytaýda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda garaşýarlar

Hytaý tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna myhman bolmagyna garaşýar. Bu barada Hytaýyň merkezi telewideniýesi habar berdi.

Bu dabaralara gatnaşmak üçin Pekine Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Singapur, Müsür, Polşa, Serbiýa, Argentina, Ekwador ýaly döwletleriň Baştutanlarynyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täze Gwineýanyň premýer ministleriniň Bonsýa we Gersogowinanyň ministrler geňeşiniň wekiliýetiniň we başga-da köp sanly hormatly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýakynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu Olimpiýa oýunlarynyň sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň baýramy bolmagyny arzuw edipdi.

Pekindäki Olimpiýa oýunlary 4 ― 20-nji fewral, Paralimpiýa oýunlary bolsa 4 ― 20-nji mart aralygynda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: